Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy “OPEK+”-yň resmi beýanatyna görä, bileleşigiň ýurtlary, mart aýynda günde 400 müň barrele çenli nebit önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär.

Hyzmatdaşlyk Jarnamasyna gatnaşýan OPEK we OPEK däl ýurtlar, 19-njy ONOMM (OPEK+ bileleşigi) maslahatynda aýlyk önümçiligini ösdürmek meýilnamasyny we mart aýynda günde nebitiň umumy mukdaryny 0,4 million barrele çenli ýokarlandyrmak baradaky kararyny tassyklady. Şeýle hem, maslahatda OPEK-iň indiki maslahatynyň 2-nji martda geçirmegi meýilleşdirýändigi habar berildi.

OPEK+ 23 döwleti öz içine alýar. Olardan 10-sy OPEK ýurtlary: Alžir, Angola, Kongo, Ekwatorial Gwineýa, Gabon, Yrak, Kuweýt, Nigeriýa, Saud Arabystany, BAE. Ylalaşykda OPEK-e girmeýän 10 ýurt bar: Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan, Günorta Sudan, Eýran, Liwiýa we Wenesuela.

Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy nebit karteli ýa-da döwletara guramasy bolup, çig malyň satylyşyny sazlamak we çig nebitiň bahasyna gözegçilik etmek maksady bilen 1960-njy ýylda esaslandyryldy.