Ösüm­lik dün­ýä­sin­de or­hi­de­ýa­lar maş­ga­la­sy 25 müň­den gow­rak gör­nü­şi bi­len esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Çyg­ly tro­pik ýer­ler­de ös­ýän owa­dan gül­li bu köp­ýyl­lyk ösüm­lik­ler te­bi­ga­ta görk goş­mak bi­len bir ha­tar­da, öý­le­riň hem be­ze­gi­ne aöw­rül­ýär. Or­hi­de­ýa­nyň dür­li jan­dar­la­ra meň­zeş gül aç­ýan gör­nüş­le­ri bol­ýar. Şo­la­ryň bi­ri hem maý­my­nyň ýü­zü­ne meň­zeş gül aç­ýan or­hi­de­ýa­dyr. Ge­liň, or­hi­de­ýa­nyň şol gör­nü­şi bi­len ýa­kyn­dan tan­şa­lyň!
Or­hi­de­ýa­nyň «Dracula si­mia» at­ly gör­nü­şi gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ýe­ke­ne meň­zeş ýap­rak­ly, uzyn bal­da­gyň ujun­da maý­my­nyň ýü­zü­ne meň­zeş bu gü­li gö­re­niň­de gur­jak teatr oýun­la­ry ýa­dy­ňa düş­ýär. Köp­ler bu gü­lüň su­ra­ty­ny ýa-da wi­doe­şe­kil­le­ri­ni syn­lan­la­ryn­da ýa­sa­ma di­ýip pi­kir ed­ýär­ler. Em­ma ha­ky­kat­dan hem, mä­mi­şi reňk­li, hoş­boý ys­ly maý­my­nyň ýü­zü­ne meň­zeş gül aç­ýan or­hi­de­ýa Ek­wa­do­ryň, Pe­ru­nyň we Ko­lum­bi­ýa­nyň 2 müň metr be­lent­lik­dä­ki çyg­ly tro­pik to­kaý­la­ryn­da ös­ýär. Il­kin­ji ge­zek 1978-nji ýyl­da Ek­wa­dor­da üs­tün­den bar­lan bu gül aşa köp ýyg­nal­ma­gy se­bäp­li ýi­tip git­mek how­py aban­ýan ösüm­lik­le­riň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­di. Pyr­ty­ka­lyň ysy­na meň­zeş hoş­boý ysy bo­lan bu ­gü­lüň 15 gör­nü­şi bar. Öý şert­le­rin­de hem ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip bol­ýan or­hi­de­ýa­nyň bu gör­nü­şi 7 ýyl­dan soň gül aç­ýar.
20 ýyl tö­we­re­gi gül­le­ýän, bir­le­şip du­ran 3 ýap­rak­dan yba­rat bu gü­lüň mer­ke­zin­de gö­ze meň­zeş iki sa­ny no­kat, bur­na we do­da­ga meň­zeş ösünt­gi bar.