Geçen ýyl dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli dürli pudakda zähmet çekýän adamlara öýünde işlemegine mümkinçilik döredildi. Kompýuter, telefon bilen ýerine ýetirilýän işler öýdäki stoluň başynda edilýän bolsa, ýygnaklar onlaýn usulda geçirilip başlandy. Bilermenler bu ýagdaýyň oňyn netijesiniň bolandygyna ünsi çekip, öýden işlemek düzgünini pandemiýadan soňra-da dowam etdirmek kararyna geldiler. Sebäbi bu iş tertibinde işgärler ýol üçin çykdajy we wagt sarp etmeýän bolsalar, iş berijiler ofis üçin kärende tölemek we işgärlere hödürlenýän beýleki çykdajylaryny azaldýarlar. 2020-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda öýünde işleýänleriň mukdarynyň ortaça, 12,3 göterimdigi mälim edildi. 2018-nji ýylda bu görkeziji 3,2 göterim, 2019-njy ýylda 10,8 göterim bolan eken. Ýewropanyň Statistika edarasynyň (Eurostat) maglumatlaryna görä geçen ýyl bu ugurda has tapawutlanan Finlýandiýada öýünden çykman işleýänleriň mukdary 25,1 göterim bolupdyr. Lýuksemburgda 23,1, Irlandiýada 21,5 göterim bolupdyr. Bu maglumatlar 15-64 ýaş aralygyndakylary öz içine alýar. Iň pes görkeziji Norwegiýada hasaba alyndy. Bu ýurtda öýünden işlänleriň mukdary 4,7 göterim bolupdyr.