Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygynda, London derbisinde “Arsenal” öz meýdançasynda “Çelsini” Mikel Merinonyň 20-nji minutda salan ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi.

Başga bir London derbisinde “Fulham” öz meýdançasynda “Tottenhamdan” 2-0 hasabynda üstün çykdy. Soňky çempion “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Braýton” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady.

“Mançester Ýunaýted” bolsa “Lester Sitini” myhmançylykda 3-0 hasabynda utdy. “Ýunaýtediň” gollaryny 3 aý gowrak wagtdan soň tapawutlanan Heýlunn, Garnaço hem-de Bruno Fernandeş geçirdi. “Lester Siti” öz meýdançasynda yzly-yzyna 7 oýunda gol geçirmezden utulan ilkinji topar boldy.

Şeýle-de, olar APL-de 700 oýunda 1000 gol geçirden ilkinji topar hökmünde hasaba alyndy. 3-nji orunda barýan “Nottingam Forest” myhmançylykda Elanganyň 2 gol geçiren oýnunda “Ipswiçi” 4-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ewerton – West Ham: 1-1 (O’Braýen 90+1 – Souçek 67),

Ipswiç Tawn – Nottingam Forest: 2-4 (Kaýuste 82, Hörst 903 – Milenkowiç 35, Elanga 37, 41, Žota Silwa 87),

Mançester Siti – Braýton: 2-2 (Holann 11 p, Marmuş 39 – Estupinýan 21, Husanow 48 ö.d.),

Southempton – Wulwerhempton: 1-2 (Onuaçu 75 – Strand Larsen 19, 47),

Bornmut – Brentford: 1-2 (Ýanelt 17 ö.d. – Wissa 30, Nergor 71),

Arsenal – Çelsi: 1-0 (Merino 20),

Fulham – Tottenham: 2-0 (Muniz 78, Sessenýon 88),

Lester – Mançester Ýunaýted: 0-3 (Heýlunn 28, Garnaço 67, Bruno Fernandeş 90),

Nýukasl – Kristal Palas (soňa goýuldy)