Nepally Kami Rita dünýäniň iň beýik nokadyna 31-nji gezek çykyp, öz rekordyny täzeledi. Rita geçen ýyl rekord goýmak aladasynyň ýokdugyny, diňe işini edýändigini aýdypdy. 55 ýaşly Rita Ewerest dagynyň eteklerinde ýaşaýan şerpa halkynyň wekili. Onuň bu gezekki daga çykmagyna «Ýedi depe ýörişleri» atly kompaniýa goldaw berdi. Kompaniýa Ritanyň diňe daga dyrmaşyjy milli gahryman däl, eýsem, bu dagyň dünýä belli simwoly bolandygyna hem ünsi çekdi. Rita ilkinji gezek 1994-nji ýylda daga çykypdyr. Ol şondan soň her ýyl diýen ýaly Ewereste çykasy gelýänlere ýolbeletlik edip, şolar bilen bilelikde daga çykýar.
Nowruz MYRATDURDYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.