Fransiýada 2024-nji ýylda geçirilen Pariž Olimpiadasyndan soňra arassaçylyk işleri tamamlanan Sena derýasynda suwa düşmäge rugsat berildi. 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän arassaçylyk işleri üçin 1,4 milliard ýewro sarp edildi. Şäherde suwuň hapalygy we gämi gatnawynyň päsgel berýändigi üçin 1923-nji ýylda derýada suwa düşmek gadagan edilipdi. Geçen ýylyň 26-njy iýuly 11-nji awgusty aralygynda geçirilen Olimpiýa oýunlary döwründe derýada suwa düşmäge mümkinçilik döredilipdi. Indi bolsa, derýanyň 3 ýeri suwa düşmek üçin amatly ýagdaýa getirildi. Suwa düşmek üçin bellenen ýerler Eýfel diňine ýakyn bolup, suwuň hili her gün barlanar. Bu ýerler 31-nji awgusta çenli açyk bolar. Sena derýasynda geçen ýyl Olimpiýa we paralimpiýa oýunlary wagtynda marafon ýaryşlary geçirilipdi.
Derýanyň arassalanmagy üçin köp ýyldan bäri tagalla edilýär. 2018-nji ýylda derýadan geçýän gämileriň hapa suwuny dökmegini gadagan edýän kanun güýje giripdi. Mundan başga-da infrastruktura gowulandyrylyp, hapa suwuň derýa akdyrylmagynyň öňi alyndy.
Sena derýasynda ýüzmek üçin suwuň has ýuwaş akýan tomus pasly amatly hasaplanýar. Ýagynly günlerde suw derýa girmek hem howply, hem-de suwy hapa bolýar.