Germaniýanyň Wismar şäherinde syýahat üçin niýetlenen “Disney Adventure” gämisi angardan çykaryldy. Gäminiň uzynlygy 342 metr, ini bolsa, 46 metre deň. Häzirki wagtda dünýäniň iň uly gämileriniň biri bolan bu laýnerde tamamlaýjy işler, şol sanda, tüsseçykarlarynyň we attraksionlaryň gurnama işleri dowam edýär.
6 müň 700 ýolagça we 2500 ekipaža niýetlenen bu gämide ýedi tematiki zolak, şol sanda akwapark, garbanyşhana we iň uzyn demirýol depejigi (roller coaster) bolan seýilgäh bolar. Gämi ýylyň ahyrynda ilkinji ýolagçy gatnawyny Singapura amala aşyrar.
Ýolagçylara 18 müň ýewro 165 inedördül metr meýdanly kaşaň otaglar, şeýle-de üç gije üçin 1 müň 100 ýewro baha bilen arzan otaglar hem hödürlener. Häzir Wismarda täze gäminiň duran ýerine gezelençler guralýar. Gämä golaýlaşmaga rugsat berilmeýär, ýöne belli bir aralykdan synlap, surata düşüp bolýar.