Fransiýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygynda PSŽ öz meýdançasynda “Liondan” 3-1 hasabynda üstün çykdy. 2 oýundan soň ýeňiş gazanan parižlileriň gollaryny Dembele, Witinýa hem-de Ramuş geçirdi. “Liondan” Mikautadzeniň goly ýeňşe ýetmedi. 2-3-nji orunlarda barýan toparlar – “Marsel” bilen “Monako 16-njy tapgyryň deňlikde tamamladylar. “Marsel” “Lill” bilen 1-1, “Monako” bolsa myhmançylykda “Reýms” bilen golsuz deňme-deň oýnady.

Tuluza – Sent-Etien: 2-1 (Babika 55, Abuhlal 86 – Stassen 53),

Marsel – Lill: 1-1 (Merlen 17 – Diakite 87),

Oser – Lans: 2-2 (Perren 31, Oşo 73 – El-Aýnaui 22, Nzola 45),

Reýms – Monako: 0-0,

Monpelie – Nissa: 2-2 (Şotar 22, Sen-Lýus 80 – Lýabord 17, Buanani 28),

Brest – Nant: 4-1 (Dumbiýa 24, Şardonne 27, Sima 88, 90+3 – Augusto 48),

Le Hawr – Strasbur: 0-3 (Diarra 28, Nanasi 32, Santos 90),

Renn – Anže: 2-0 (Grýonbek 33, Assinion 90+2),

PSŽ – Lion: 3-1 (Dembele 8, Witinýa 14, Ramuş 88 – Mikautadze 40)