Jins jalbarlaryň sag tarapdaky jübüsinde goşmaça kiçijik jübini gören bolsaňyz gerek. Araňyzda kiçijik jübiniň näme üçin goýlandygy we näme zerurlygynyň bardygy barada gyzyklanýanlaryňyz hem bardyr. Eýsem, irki ýyllarda oýlanyp tapylan we orun alan kiçijik jübi näme üçin gerek?!
Teňňe ýa-da ýeňilräk zat salynsa-da, jinsidäki kiçijik jübiniň goýulmagynyň maksady başga. Ýagny irki döwürlerde adamlar dürli görnüşli sagatlary ulanypdyrlar. Hatda Ýewropada ýanyňda sagat götermek medeniýetiň, işewürligiň nyşany bolup, XVII asyrda her bir erkek adamyň ýanynda ýüzi gapaklyja zynjyrly sagat bolupdyr. Goşar sagatlary oýlanyp tapylmazyndan öň ulanylan zynjyrly sagatlar jübüde göterilipdir. Uly jübüleriň tagaşyksyzdygy sebäpli, zynjyrly sagatlar üçin kiçijik jübüler oýlanyp tapylýar. Egin-eşik dizaýnynyň taryhynda kiçijik jübüler «sagat jübüleri» diýlip hem atlandyrylýar.
Häzirki wagtda hem jins jalbarlarda kiçijik jübüler goýulýar. Munuň sebäbi jinsileriň nusgawy dizaýnynyň üýtgedilmezligi bilen düşündirilýär. Käbir penjek jalbarlarda hem «bäşinji jübi» diýlip atlandyrylýan kiçijik jübüler bar.
PDF









