“LG Electronics” kompaniýasy geçen ýyl 87,73 trillion koreý wony (61,3 milliard dollar) girdeji gazanypdy. Şeýlelikde kompaniýa öz taryhyndaky iň uly girdejini hasaba aldy. Girdejiniň artmagynda öý hojalyk harytlarynyň hem-de awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwynyň täsiri uly bolupdyr. Şeýle hem multimediýa enjamlarynyň satuwyndan hem ýokary girdeji alypdyr. Kompaniýanyň täzeçil iş usullaryndan peýdalanmagy hem ýokary netijä getiripdir. Koreý brendiniň OLED ekranly telewizorlaryna hem isleg ýokary bolupdyr. Kompaniýa diňe haryt däl, hyzmatlar pudagynda hem girdeji alýar. LG “WebOS” platformasyndaky mahabatlardan we beýleki mazmunlardan 1 trillion wondan geçipdir. Awtoulag şaýlaryndan alýan girdejisi bolsa, 10,6 trillion wondan geçipdir.
Kompaniýa täze harytlary we hyzmatlary oýlap tapmak üçin has köp maýa goýberipdir.
Jennet Allanazarowa, Köýtendag etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň mugallymy.