Kuwwatlylygy bilen tapawutlanýan elektroulaglaryň biri bolan “Pininfarina Battista” täze rekord goýdy. Ulag “Formula 1” möwsüm finalynyň geçirilen “Dubai Autodrome” trassasynda 0-dan 100 km/sagat tizlige 1,86 sekuntda ýetmegi başardy. 200 km/sagat tizlige bolsa, bary-ýogy 4,75 sekuntda ýetdi. “Pininfarina” kompaniýasy bu görkezijiniň iň ýokarydygyny beleýär. Bu ulagyň ň ýokary tizligi sagatda 349 kilometre ýetýär. Agramy 2 müň 63 kilograma ýetýän “Pininfarina Battista” 100 km/sagat tizlikde barýan wagty 31 metrde durmagy başaryp bu ugurda hem ýokary netije görkezdi. Dört sany elektrik energiýasy bilen işleýän motordan güýç alýan modeliň kuwwaty 1 900 at güýjüne barabar.
Bu ulagyň bir gezekki zarýady bilen 500 kilometr ýol geçip bilýändigi mälim edildi.
Ataýew Orazmuhammet, Türkmenistanyñ telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby