Häzirki wagtda lukmançylygyň ösmegi netijesinde adam ömrüniň dowamlylygy ep-esli ýokarlandy. Şeýle hem gojalyk ýaşyna ýetenlerinde hem jany sagat bolup bilýär. Adamyň uzak ömürli bolmagy genetikasyna bagly bolsa-da, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we gündelik endiklerimiz bilen hem baglanyşyklydyr. Gündelik durmuşda käbir düzgünlere eýermek ömürboýy sagdyn ýaşamagymyza hem täsir edýär. Sagdynlyk adamyň ruhy ýagdaýy bilen hem baglydyr. Ruhubelentlik, sussupeslikden gaça durmak beden saglygyna hem täsir edýär. Keýpiçag we ruhubelent bolmak üçin hereketli durmuş ýörelgesine eýerilmegi maslahat berilýär. Munuň üçin islendik ýaşdaky adam haýsydyr bir sport ýa-da maşk bilen meşgullanmaly. Her günde irki maşklary ýerine ýetirmek we günüň dowamynda ýöremek, ýüzmek, tans etmek, hem bedeniň çeýe bolmagyna, hem-de adamyň keýpiçag bolmagyna ýardam edýär. Ýakyn dostlaryňyz, maşgala agzalaryňyz bilen wagt geçirmek, uzakda ýaşaýan tanyş-bilişleriňiziň hal-ýagdaýyny sorap durmak hem adamy ruhy şatlyk berýär.
Adamyň ruhunyň belent bolmagyna gazet, kitap okamak, gündelik durmuşa işjeň goşulmak hem zerurdyr. Wagtly-wagtynda ukyňy almak bedeniň we beýniniň dynç almagy üçin gereklidir. Gijesine azyndan 7-8 sagat uklamak, bedeni rahatlandyrýar, kadaly uky gaýgyny azaldýar, ruhy ýagdaýyňyza oňyn täsir edýär.
Haýsydyr bir güýmenje tapynmak, özüň üçin wagt sarp etmek hem ähmiýetli hasaplanýar.

Göwher Öwezowa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.