“Ryanair” arassa uçar ýangyjyny satyn alar

125

Ir­lan­di­ýa­nyň ar­zan ba­ha­ly hyz­mat hö­dür­le­ýän “Rya­na­ir” awia­kom­pa­ni­ýa­sy ho­wa­ny za­ýa­la­ma­ýan uçuş mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de “Shell”-den 360 müň ton­na aras­sa ýan­gy­jy sa­tyn alar. Ýew­ro­pa­nyň iň iri awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu şert­na­ma­sy 2025-2030-njy ýyl­lar ara­ly­gy­ny öz içi­ne al­ýar. Kom­pa­ni­ýa awia­si­ýa pu­da­gy­ny kö­mür­tur­şy ga­zyn­dan aras­sa­la­mak üçin dur­mu­şa ge­çir­ýän mak­sat­na­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de al­ter­na­tiw ýan­gyç gör­nüş­le­ri­ne bil bag­la­ýar. “Shell”-den alyn­jak ýan­gyç Ýew­ro­pa­da­ky 200-den gow­rak ae­ro­port­da, esa­san hem, Dub­lin­dä­ki we Lon­don­da­ky ho­wa men­zil­le­rin­de peý­da­la­ny­lar. Şert­na­ma­da gör­ke­zi­len ýan­gy­jyň möç­be­ri awia­kom­pa­ni­ýa­nyň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ze­rur­lyk du­ýul­ýan ýan­gy­jyň bäş­den bi­ri­ne ga­bat gel­ýär.
“Rya­na­ir”-iň ýol­baş­çy­sy Maýkl O’Lea­ri 2030-njy ýy­la çen­li ho­wa gat­naw­la­ry­nyň 12,5 gö­te­ri­mi­niň aras­sa ýan­gyç bi­len ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň mak­sat edi­nil­ýän­di­gi­ni, bu mak­sa­da ýet­me­giň aň­sat däl­di­gi­ni bel­le­di.

Ra­hat Gaý­ba­ly­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.