Ermenistana milliardlarça dollarlyk maýa goýum çekiler

2

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan «Halkara parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky Trampyň ýoly» (TRIPP) atly taslamanyň ýurduň ykdysadyýetine milliardlarça dollarlyk täze maýa goýumlarynyň çekilmegine şert döretjekdigini mälim etdi. Hökümet agzalary bilen geçirilen iş maslahatynda çykyş eden Hökümet Baştutany Ermenistan bilen ABŞ-nyň arasynda gol çekilen bu ylalaşygy tassyklamak işleriniň gysga möhletde tamamlanmalydygyny aýratyn nygtady. Ýakyn geljekde ýurtda ýokary maýa goýum işjeňligine garaşylýandygy sebäpli, maliýe mümkinçilikleri babatda hiç hili aladanyň ýokdugyny bildiren Premýer-ministr öňki tejribelere salgylanyp, bu taslamada serişdeden hem has möhüm zadyň onuň mazmunydygyny belledi.