“BCA Research” ýene-de fransuzlaryň çempion boljakdygyny çaklady

2

Kanadanyň «BCA Research» maýa goýum-seljeriş kompaniýasy iki tapgyrly statistiki modeline esaslanyp, şu penşenbe güni Tehasda badalga alýan futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ýeňijisini çaklady. Maliýe bazarlarynyň seljermeleri bilen meşhur bolan bu gurama durnukly ylmy we statistiki usullara esaslanyp, şu gezekki bäsleşikde Fransiýanyň milli ýygyndysynyň çempionlyk kubogyny asmana göterjekdigini öňe sürdi. Kompaniýanyň gelen netijesine görä, fransuzlar final duşuşygynda Portugaliýanyň ýygyndysyndan üstün çykar, Angliýa bilen Ispaniýa bolsa ýarym finalda bäsleşigi bes eder.
Munuň özi kompaniýanyň futbol çempionatlary baradaky üçünji ylmy çaklamasydyr. Geçen ýyllarda bu model subut edilen takyklygy görkezdi. Ol 2018-nji ýylda Fransiýanyň çempionlygyny, 2022-nji ýylda bolsa Argentinanyň penaltiler tapgyrynda ýeňiş gazanjagyny dogry kesgitläpdi. Ýygyndylaryň transfer gymmatlygy boýunça baha berilse, Fransiýa 1,476 milliard ýewro deň bolan düzümi bilen çempionatyň iň gymmat topary hasaplanýar. Kompaniýanyň seljeriş modelinde düzümleriň gymmatyndan başga-da, oýunçylaryň tejribesi, hüjümçileriň bilelikdäki oýun ugurtapyjylygy we ozalky dünýä çempionatlarynyň statistiki görkezijileri hasaba alyndy.
Kompaniýanyň seljeriş modeliniň netijeleri halkara derejesindäki onlaýn-çaklama platformalarynyň görkezijilerinden birbada tapawutlanýar. Seljermelere görä, Fransiýanyň çempion bolmaga bolan mümkinçiligi has ýokary hasaplanylsa, oňa esasy bäsdeş hökmünde Portugaliýa görkezilýär. Mundan başga-da, modeliň hasaplamalary çempionaty gurnaýjy ýurtlar bolan ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň hem ýaryşda has şowly çykyş etmäge mümkinçiliginiň bardygyny äşgär edýär. Çaklamalara görä, bu çempionat Fransiýanyň tälimçisi Didýe Deşama taryhda iki gezek dünýä çempionlygyny gazanan ikinji tälimçi bolmaga, Portugaliýanyň 41 ýaşly hüjümçisi Kriştianu Ronalda bolsa özüniň ajaýyp sport ýoluny uly ýeňiş bilen jemlemäge mümkinçilik berip biler.