Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagty Warşawa şäheri adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Häzirki wagtda bu ýerde her 100 müň ýaşaýja 11,98 kitaphana düşýär. Ikinji Jahan urşundan soňra weýran bolan bilim düzümini dikeltmek şäher durmuşynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şol döwürlerde düýbi tutulan giň kitaphana ulgamy häzirki günde-de halkyň sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, yzygiderli bilim almagy goldamaga we medeni mirasy gorap saklamaga saldamly goşant goşýar. Döwrebap Warşawa kitaphanalary diňe bir kitap saklanýan ojaklar bolman, eýsem, adamlaryň okaýan, dynç alýan we medeni çärelere işjeň gatnaşýan döwrebap jemgyýetçilik giňişliklerine öwrüldi.
Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäheriniň jemgyýetçilik kitaphanalary doly derejeli medeni merkezler hökmünde çykyş edýär. Diňe 2023-nji ýylyň özünde bu medeni ojaklara 22 milliondan gowrak adamyň gelip-gidenligi hasaba alyndy. Seulyň kitaphana ulgamy ähli ýaşdaky raýatlar üçin niýetlenip, sanly sowatlylyk kurslaryndan başlap, çagalar üçin niýetlenen okaýyş maksatnamalaryna çenli giň gerimli hyzmatlary hödürleýär we sanly eýýamyň talaplaryna laýyklykda ösmegiň aýdyň nusgasyny görkezýär.
Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäheriniň kitaphana ulgamy bolsa ýurduň baý dil dürlüligini özünde jemleýär. Bu ýerde fransuz we niderland dilli jemgyýetler tarapyndan özbaşdak kitaphana ulgamlary goldanylyp, ilata birnäçe dilde edebiýatlar we medeniýetara gatnaşyklary pugtalandyrýan taslamalar hödürlenilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe-de jemgyýetçilik kitaphanalary maglumatlara bolan deňhukukly elýeterliligi üpjün etmekde, şäherleriň medeni-bilim durmuşyny ösdürmekde we jemgyýetçilik agzybirligini berkitmekde möhüm orny eýelemegini dowam etdirýärler.
PDF









