Be­lent ösüş­le­re hem öz­ge­riş­le­re bes­len­ýän ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ga­za­nyl­ýan her bir üs­tün­li­gi­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si, Da­şo­guz we­la­ýat ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi bi­len bi­le­lik­de Ag­ro­se­na­gat pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­la­ry­nyň hem-de Ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da “Ha­syl” to­ýy my­na­sy­bet­li “Rys­gal-be­re­ket­li, döw­let­li Wa­tan” at­ly da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Da­ba­ra­ly mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň gu­ra­ma­çy­lyk we me­de­ni köp­çü­lik iş­le­ri bö­lü­mi­niň mü­di­ri Gy­lyç­dur­dy Haý­da­row aç­dy. Ol, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň gal­ky­ny­şy döw­rün­de gül­läp ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýän ata Wa­tan­myz­da oba ho­ja­ly­gy pu­da­gyn­da amal edil­ýän döw­re­bap öz­gert­me­ler we onuň dün­ýä de­re­je­li äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin du­rup geç­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň dür­li ugur­la­ry ba­bat­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler­de we­la­ýa­ty­my­zyň zäh­met­keş hal­ky­nyň, şol san­da Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­la­ry­nyň-da my­na­syp go­şant­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­läp geç­di.
Mas­la­hat­da gu­ra­lan çy­kyş­la­ry Da­şo­guz Ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­sy Ga­dam Ka­za­kow, Da­şo­guz we­la­ýat ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň yl­my iş­gä­ri Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­sy Ba­tyr Uzak­ber­di­ýew, Şa­bat et­ra­by­nyň Bos­san daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­sy Säh­ra Sa­par­ly­ýe­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň ag­ro­se­na­gat pu­da­gy bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy­sy Aşyr Aga­me­dow, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň ta­lyp ha­ky­nyň eýe­si Beg­my­rat Gel­di­ýew, da­gy­lar çy­kyş et­mek bi­len, we­la­ýa­ty­my­zyň halk ho­ja­ly­gyn­da we oba ho­ja­ly­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler we ýe­ti­len sep­git­ler we şol iş­le­re Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň iş­jeň ag­za­la­ry­nyň gat­na­şy­gy dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin du­rup geç­di­ler.
Da­ba­ra­ly mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň, döw­le­tiň gül­läp ösüş­le­ri­niň, ýur­du­my­zyň esa­sy sü­tün­le­ri­niň bi­ri bo­lan oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek­de bi­tir­ýän be­ýik iş­le­ri üçin Gah­ry­man hem mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ady­na al­kyş söz­ler aý­dyl­dy.

Gül­şat Gur­ba­no­wa, Ag­ro­se­na­gat iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň Da­şo­guz şä­her Ge­ňe­şi­niň hü­när­me­ni.