30-njy martdan 5-nji aprel aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki «Palexpo» sergi köşgünde «Watches and Wonders», ýagny, «sagatlar we täsinlikler» sergisi oflaýn hem-de onlaýn görnüşinde geçirildi. Mundan öň bu sergi «Sagat öndürijileriniň halkara sergisi» diýlip atlandyrylýardy. Bu sergä gatnaşan 38 kompaniýanyň arasynda sanly sungat bilen gyzyklanýan «Hermes» kompaniýasynyň sagat önümleri aýratyn göze ilýär.
— «Hermes»-iň önümleri diňe bir nesle däl-de, eýsem, birnäçe nesle hyzmat etmäge gönükdirilendir. Biz özümiziň ynanýan we haýran galdyrýan zatlarymyzy döredýäris — diýip, kompaniýanyň başlygy Lorane Dorden belledi.
Sagat önümçiliginde ekologiýa hem aýratyn üns berilýär. Bu ýerde aýdyňlyk, innowasiýa we ykdysadyýet ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylýar. Serginiň wise-prezidenti Emmanuel Perren, sagat öndürijiler üçin ekologiýa meselesiniň sagatlaryň täze dizaýny ýaly aýratyn ähmiýete eýe bolmalydygyny belledi.
Bu ugurda hereket etmegiň bir usuly täze materiallary ulanmakdyr. Şeýlelikde, «H. Moser & Cie» sagat kompaniýasy öz önümçiliginde sap altyn ulanyp, uglerod zyňyndylarynyň azalmagyna gözegçilik edýär.