«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçiriler

92

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim ministrlikleri, bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 10—12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergini geçirýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary yurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

10-njy oktýabrda 10:00-dan 18:00-a çenli;

11-nji oktýabrda 10:00-dan 18:00-a çenli;

12-nji oktýabrda 10:00-dan 15:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81, (82), (83), (84), (85), (86).

Faks belgisi: 39-89-49.