Gyş pas­lyn­da ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len so­wuk­la­ma we dü­mew ala­mat­la­ry kö­pel­ýär. Be­de­niň dü­me­we gar­şy gö­reş­me­gi bi­len gow­şak­lyk ala­mat­la­ry ýü­ze çyk­ýar. Dü­mew ala­mat­la­ry­ny ýe­ňip geç­mek üçin na­har sa­na­wy­na çor­ba­nyň kä­bir gör­nüş­le­ri­ni goş­ma­ly. Hep­de­de 2-3 ge­zek çor­ba iç­mek be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny güýç­len­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, sag­lyk üçin örän peý­da­ly­dyr. Ge­liň, wi­ta­min­le­re baý çor­ba­nyň gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
To­wuk çor­ba­sy. So­wuk­la­ma ýa-da dü­mew ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da be­den üçin iň peý­da­ly iý­mit to­wuk çor­ba­sy ha­sap­lan­ýar. To­wuk çor­ba­sy im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, suw­suz­ly­gy gan­dyr­ma­ga, wi­ta­min ýet­mez­çi­li­gi­niň öwe­zi­ni do­l­ma­ga ýar­dam ed­ýär. To­wuk çor­ba­sy­na kä­şir go­şu­lyp, li­mon sy­ky­lyp içil­se, has-da peý­da­ly bol­ýar.
Gök önüm­li çor­ba. An­ti­ok­si­dant çeş­me­si, wi­ta­min­ler, mi­ne­ral­lar we sü­ýüm – bu­la­ryň äh­li­si hem gök önüm­ler­de jem­len­ýär. Gök önüm­ler­den taý­ýar­la­nan çor­ba ýo­kum­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, so­wuk­la­ma we bo­kur­dak agy­ry­sy ýa­ly ala­mat­la­ry azaltmaga ýar­dam ed­ýär. Kä­di, brok­ko­li, ýe­ral­ma, ys­ma­nak, po­mi­dor, noý­ba, no­hut we gök ot­lar go­şu­lyp taý­ýar­la­nan çor­ba im­mu­ni­te­ti güýçlendirip, be­de­niň alyş-çal­şy­gy­ny ka­da­laş­dyr­ýar.
Ýaý­la çor­ba­sy. Esa­sy dü­zü­mi ga­tyk bo­lan ýaý­la çor­ba­sy aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my üçin iň peý­da­ly ta­gam­la­ryň bi­ri­dir. Ýaý­la çor­ba­sy pro­bio­tik­le­re we peý­da­ly bak­te­ri­ýa­la­ra baý iý­mit­dir. Uly-ki­çi hem­me üçin lez­zet­li bo­lan bu çor­ba un, ýu­murt­ga­nyň agy, ga­tyk we aza­jyk tü­wi go­şul­ýar. Tiz wagt­da taý­ýar­lap bol­ýan ýaý­la çor­ba­sy gyş pas­lyn­da ha­lan­ýan na­har­la­ryň bi­ri­dir.
Brok­ko­li çor­ba­sy. Wi­ta­min­le­ri, mi­ne­ral­la­ry, sü­ýü­mi we an­ti­ok­si­dant­la­ry özün­de jem­le­ýän brok­ko­li çor­ba­sy çiş­me how­pu­ny azal­dyp, im­mu­ni­te­ti gol­da­ýar. Brok­ko­li çor­ba­sy er­kin ra­di­kal­la­ra gar­şy gö­re­şip, öý­jük­le­riň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Öý­jük-öý­jük ke­lem­jik­den taý­ýar­la­nan çor­ba C wi­ta­mi­niň hem çeş­me­si bo­lup, be­de­ni ýo­kanç­lyk­lar­dan go­ra­ýar.
Süňkli çor­ba­. Ho­wa­nyň so­wuk gün­le­ri ýi­lik­li süňk salyp gaý­na­dy­lan çor­ba iç­mek be­de­ni ze­rur bo­lan wi­ta­min­ler bi­len dol­dur­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, süňk çor­ba­sy iň ýo­kum­ly we iň peý­da­ly çor­ba ha­sap­lan­ýar. Esa­san hem, uzak wagt­lap (6-7 sa­gat) gaý­na­dy­lan ýi­lik­li süňk A, B wi­ta­mi­niň, sink, de­mir, kal­siý, se­len ýa­ly mi­ne­ral­la­ryň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Içi­ne burç aty­lan süňk çor­ba­sy so­wuk­la­ma we dü­mew ala­mat­la­ry bi­len gö­reş­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, dem alyş ýol­la­ry­ny aras­sa­la­mak­da hem süňk çor­ba­sy­nyň äh­mi­ýe­ti diý­seň ulu­dyr.