Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň “Sam­sung Electro­nics Co” kom­pa­ni­ýa­sy çip önüm­çi­li­gi­ni azalt­mak ka­ra­ry­na gel­di. Dün­ýä­niň iň iri ýa­rym­ge­çi­ri­ji ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lan kom­pa­ni­ýa di­ňe mo­bil en­jam­la­ryň däl, eý­sem, dür­li ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, te­le­fon ek­ran­la­ry­ny we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa ta­lap ed­ýän beý­le­ki ha­ryt­la­ry ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň çip önüm­çi­li­gi­ni azalt­ma­gy­nyň se­bä­bi­niň ba­ha­la­ryň pe­se gaç­ma­gy bi­len bag­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ko­re­ýa­nyň “SK Hy­nix Inc.” we “Micron Techno­lo­gy Inc.” kom­pa­ni­ýa­la­ry önüm­çi­li­gi­ni azal­dyp­dy.
Bi­ler­men­ler önüm­çi­li­giň ka­da­ly ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gi­niň önüm­çi­lik-is­leg de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny gow­lan­dyr­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Bu tä­ze­lik mä­lim edi­len­den soň­ra kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry üç aýyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýe­tip, 4,7 gö­te­rim gym­mat­la­dy.
Pan­de­mi­ýa döw­rün­de elekt­rik en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gin­de we aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da ýa­rym­ge­çi­ri­ji ýet­mez­çi­li­gi­niň ýü­ze çyk­ma­gy bu ugur­da­ky ma­ýa go­ýum­la­ry gör­ne­tin art­dy­ryp­dy. Köp muk­dar­da ma­ýa go­ýu­myň çe­kil­me­gi, ba­ha­la­ryň has el­ýe­ter­li bol­ma­gy­na ge­tir­di.

Gül­je­mal Ora­mo­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.