Her gün millionlarça adam internetden habar okaýar, suratlara seredýär, wideo görýär ýa-da haýsydyr bir maglumaty ugradýar. Bularyň ählisi maglumat bolup, olar dünýäniň dürli ýerlerindäki maglumat merkezlerinde saklanýar. Edil kompýuterlerde bolşy ýaly, bu iri maglumat merkezleri hem gyzansoň, sowatmak üçin ýörite ulgam bilen üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, köp energiýa talap edýän bu merkezler, adatça sowuk ýerlerde gurulýar. Soňky wagtlarda bolsa, suwasty maglumat merkezleri gurlup başlandy. Golaýda şeýle maglumat merkezleriň birini Hytaýyň “HiCloud Data Center Technology” kompaniýasy gurup ulanmaga tabşyrdy. Bu taslamanyň gurluşygyna 2021-nji ýylda başlanypdyr. Kompaniýa şeýle merkezleri gurmak üçin birnäçe kompaniýadan sargyt alypdyr. Suwuň içinde bolandygy üçin bu merkezleri sowatmak has aňsat we arzan düşýär. Mundan ozal “Microsoft” kompaniýasy hem şeýle merkezleri gurupdy. Suwuň astynda gurulmagy maglumatyň geçirilmegini hem aňsatlaşdyrýar. Sebäbi olar ilatly ýerlere ýakyn bolup, müňlerçe kilometrlik geçirijini gurmaga zerurlyk bolmaýar.
«Highlander» kompaniýasy diňe suwasty däl, eýsem arassa energiýa çeşmeleri bilen üpjün edilen adaty maglumat merkezlerini hem gurar. Şu ýyl kompaniýa Şanhaý we Haýnan şäherlerinde ýel fermalaryndan alnan energiýa bilen işleýän maglumat merkezlerini gurar.
Güneş Baýramowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









