Adamzat taryhynda aýdym-sazyň orny has irki döwürlerden bäri uludyr. Ýazgy edip bolýan enjamlaryň çykmagy bilen islendik wagtda aýdym diňlemäge mümkinçilik döredi. Aýdym-saz bilen bagly özgerişlikleriň biri walkman, ýagny ýanyňda göterip bolýan magnitofon bolsa, beýlekisi-de smartfonlarda aýdym-sazyň diňlenilmegi bolsa gerek.
Dünýäniň iri tehnologiýa ägirdi bolan “Apple” 2001-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “iTunes” hyzmatyny ýola goýýar. Kompaniýanyň “Mac” kompýuterlerinde elýeterli bolan bu hyzmat adamlary şol döwürler moda bolan CD we DVD satyn almakdan “halas edip”, islendik aýdymy oturan ýeriňden diňlemäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, CD-leriň çykmagy bilen kassetalaryň aradan aýrylyşy ýaly, aýdymyň sanly ulgama girizilmegi bilen CD-leriň hem möwriti tamamlanyp başlaýar. “iTunes” hyzmatynda ulanyjylara aşa köp aýdym-sazyň hödürlenmegi giň diňleýjiler köpçüligini özüne çekdi. Şondan 6 ýyldan soňra, 2007-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda “Apple”-iň ýolbaşçysy Stiw Jobs sensor ekranly smartfony – “iPhone”-y tanyşdyrdy. Şondan öň smartfonlaryň birnäçe nusgasy bar hem bolsa, bu telefona gyzyklanma ýokary boldy. Netijede kompaniýanyň bahasy görlüp-eşidilmedik derejede gymmatlady. Kompaniýa “iPhone”-yň birinji nusgasy tanyşdyrylandan soňky bäş ýylyň dowamynda 200 milliondan gowrak smartfon satdy.