Esasan pandemiýa döwründe uzak aralykdan işlemek zerurlygy ýüze çykdy. Munuň üçin ösen internet infrastrukturasyna zerurlyk duýulýar. Dünýäniň islendik ýerinde işläp bilýän bu hünärmenlere “sanly çarwa” (digital nomads) diýilýär. Bu ugurda öňe saýlanan Ýaponiýada sanly çarwalar üçin iň gowy şäherleriň birnäçesi bar. Maglumatlara görä, dünýäniň 104 sany iri şäheriniň arasyndan Seul 73,60 utuk toplap birinji orny, Ýaponiýanyň paýtagty 72,61 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Wýetnamyň paýtagty Hanoý (71,86 utuk), Hytaý Taýpeýi (70,98 utuk) we Osaka (70,15 utuk) ilkinji bäşlikde özüne orun tapdy. Şeýle hem ilkinji onluga Ispaniýadan Barselona (68,11 utuk), Madrid (66,67 utuk), Braziliýanyň San-Paulu (66,67 utuk), Ýaponiýanyň Nagoýa (64,97 utuk) we Wýetnamyň Hoşimin (64,28 utuk) şäherleri girdi.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu barlag işlerinde häzirki zaman ýaşaýjylaryň talaplary doly nazara alnyp, olaryň uzak möhletleýin we netijeli zähmet çekmegi üçin zerur bolan ähli şertler jikme-jik seljerildi. Sanaw taýýarlananda, ilat sany, internet ulgamynyň tizligi, dynç alyş we medeniýet merkezleriniň elýeterliligi, ýaşaýyş nyrhlary hem-de ýylyň dowamyndaky amatly howa günleriniň sany ýaly görkezijilere baha berildi.
PDF








