Ýewropanyň Merkezi banky sanly ýewrony durmuşa geçirmek üçin täze tapgyra geçilendigini habar berdi. Mundan soňra bank sanly ýewronyň aýratynlyklaryny jikme-jik kesgitlär. Bu tapgyr 24 aý dowam eder. Täze puly işläp taýýarlamagyň bu tapgyrynda dizaýn we paýlamak ýaly işler maslahatlaşylar. Sanly ýewronyň kagyz puluň deregine ulanylmajakdygy, diňe onuň üstüni ýetirjekdigi mälim edildi. Bankyň ýolbaşçysy Kristin Lagard köpçülige beren beýanatynda sanly ýewro baradaky maglumatnamanyň dokuz aý ozal ýaýradylandygyny aýdyp, bu döwürde jikme-jik seljermeleriň geçirilendigini, bilermenleriň pikirleriniň nazara alnandygyny, käbir synaglaryň geçirilendigini we oňyn netijeler gazanylandygyny belledi.
Gündogar Karibiň Merkezi banky hem sanly puly döretdi. Karib deňzindäki bu ýurtlar bilelikdäki ykdysady zolakda ýerleşip, şol bir pul birligini ulanýarlar. ABŞ-nyň hem-de Angliýanyň Merkezi banklary sanly pul birligini döretmek üçin iş alyp barýarlar.
Begenç BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
mugallymy.