“Saudi Aramco” Saud Arabystanynda dört täze nebit we gaz ýatagyny tapdy. Bu barada SPA gullugy, Patyşalygyň energetika ministri şazada Abdulaziz bin Salmanyň sözlerine salgylanyp habar berdi. Onuň sözlerine görä, adaty bolmadyk nebit Dahranyň demirgazyk-günbataryndaky al-Riş ýatagynda ýüze çykaryldy.
Adaty bolmadyk gaz, as-Sarra rezerwuarynda Guar ýatagynyň günorta-günbataryndaky al-Minahhaz guýusynda we Guaryň günortasynda ýerleşýän al-Sahba guýusynda tapyldy.
Çig mal, al-Hudud al-Şamaliýa sebitinde, Rafhiniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän, al-Ajramiýa guýusynda hem tapyldy. Saud Arabystanynyň energiýa ministri al-Riş ýatagyndaky açyşyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny, sebäbi «Jabal Tuwaýk» dag jynsly gatlaklardan gaty ýeňil arap nebitini çykarmagyň mümkinçiliginiň subut edilendigini aýtdy.
“Saudi Aramco” kompaniýasy açylan ýataklaryň meýdanyny we göwrümini kesgitlemek, şeýle hem nebitiň, gazyň we kondensatyň mukdaryny kesgitlemek boýunça işini dowam etdirýär – diýip, şazada Salman belledi.