Braziliýaly super ýyldyz Neýmar Junior karýerasyny ýurdunda dowam eder. Saud Arabystanynyň “Al Hilal” topary bilen şertnamasy ýatyrylan 32 ýaşyndaky (5-nji fewralda 33 bolýar) Neýmar 12 ýyldan soň ilkinji kluby “Santosa” dolandy. Brazil kluby ýyldyz oýunçynyň toparyň düzümine goşulandygyny: “Şazada dolandy” diýen setirler bilen habar berdi. Neýmar resmi däl maglumatlara görä, “Santos” kluby bilen 6 aýlyk şertnama baglaşdy. Ol Peläniň hem çykyş eden bu klubunda futbolyň şasynyň geýen 10-njy belgili köýnekçesinde çykyş eder. “Santos” kluby 2023-nji ýylda taryhynda ilkinji gezek 2-nji liga düşüp, 1 ýyldan soň täzeden “Serie A” dolanypdy.
Neýmar futbola “Santosda” başlap, ol 2009-2013-nji ýyllar aralygynda bu klubda oýnady. Braziliýaly ýyldyz oýunçy “Santosyň” düzüminde 225 oýunda 136 gol geçirip, 64 gola asist edipdi we jemi 6 kubok gazanypdy. Neýmar “Santosdan” soň “Barselonada” 4, PSŽ-de 6 möwsüm çykyş etdi. Parižliler ony 2017-nji ýylyň tomsunda 222 million ýewro, ähli döwürleriň iň gymmat transferi hökmünde düzümine goşupdy. 2023-nji ýylda “Al Hilala” transfer bolan Neýmar bu toparda-da şikesi sebäpli 1 möwsüm ýaşyl meýdançalaryň daşynda galdy. Ol arap klubunda bar-ýogy 7 oýunda meýdança çykdy.
Neýmar klublarda şu wagta çenli 591 oýunda 360 gol saldy. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň iň netijeli futbolçysy bolan Neýmar 128 gezek meýdança çykyp, 79 goly derwezä girizdi.
Neýmar “Barselonada” 8, PSŽ-de 13, “Al Hilalda” 1 kubok gazandy. Ol 2016-njy ýylda Rioda Braziliýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň ilkinji altyn medalyny gazanmagynda uly rol oýnapdy.