Slowakiýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlardan peýdalanmagy gadagan etmek barada teklip etdiler. Şeýle kanun üýtgetmesini Hökümet koalisiýasyna girýän Hlas-SD («Ses – sosial demokratiýa») partiýasy taýýarlady. Bu ugurda meýilleşdirilýän çäreler barada partiýanyň lideri hem-de içeri işler ministri Matuş Şutaý-Eştok metbugat ýygnagynda tanyşdyrdy diýip, “Azertaj” agentligi ýazýar.
Ministr soňky döwürde ýaş nesliň aňyny sosial torlardaky ýaramaz täsirlerden gorap saklamagyň wajyp meselä öwrülendigini, torlaryň çagany uly adam hökmünde kabul etmeginiň ýalňyşlykdygyny nygtady.
Täze kanun taslamasyna görä, 16 ýaşdan 18 ýaşa çeni ýetginjekler üçin sosial torlary ulanmagyň ýörite tertibi taýýarlanar, onda şahsy maglumatlary we ýetginjekleriň ýaşaýan ýerlerini güýçlendirilen derejede goramak göz öňünde tutular.
Slowakiýanyň bilim ministri Tomaş Druker hökümetiň kanun taslamasyna şu ýylyň awgustynda garajakdygyny habar berdi. Eger ol tassyklansa, 2027-nji ýylyň ýanwaryndan başlap güýje girer.
Esasy Ylym we Tehnologiýa Slowakiýa 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlardan peýdalanmagy gadagan etmekçi
PDF









