Öý­jük­li te­le­fon­la­ryň peý­da bo­la­ny bä­ri, bi­rek-bi­rek bi­len ha­bar­laş­mak örän aň­sat­laş­dy. Te­le­fon­da jaň edip hal-ha­bar so­raş­mak­dan baş­ga-da, SMS ýaz­mak, ses ýaz­gy­ňy ug­rat­mak we uzak­dan bi­rek-biregiň ýü­zü­ni gö­rüp gep­leş­mek ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­lar hem bar. Soň­ky ýyl­lar­da SMS ýaz­mak iň ýör­gün­li ha­bar­laş­ma usulyna öwrülip, her kim öz so­wa­dy­na we ba­şar­ny­gy­na gö­rä gat­naş­ýan­la­ry bi­len hat ýa­zyş­ýar. SMS ada­myň özü­ni we iç­ki duý­gu­la­ry­ny ha­ky­ky be­ýan et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. SMS-i nä­hi­li ýaz­ma­ly­dy­gy ýa-da nä­hi­li bol­ma­ly­dy­gy ba­ra­da belli bir düz­gün­ler ýok. Şol se­bäp­li SMS şol adam ba­ra­da köp za­dy anyk­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Uzyn SMS. Duý­gu­sy­ny we pi­kir­le­ri­ni be­ýan et­mä­ge ça­lyş­ýan adam­lar uzyn SMS ýaz­ýar­lar. Olar sö­zi ma­ny­ly we tä­sir­li gu­ral hök­mün­de gör­ýär­ler. Uzyn ha­bar­la­ry ýaz­ýan­lar mä­hir­li we yh­las­ly adam­lar bo­lup, kyn gü­nüň­de ýa­nyň­da bol­jak iň ýa­kyn dost­lar ha­sap­lan­ýar.
Gys­ga SMS. Eger siz SMS-le­re «bol­ýar», «ýok» we «ha­wa» di­ýip jo­gap ber­ýän bol­sa­ňyz, on­da siz ha­ky­kat­çyl adam­lar­sy­ňyz. Gys­ga jüm­le­le­ri ýaz­ma­gy ha­la­ýan adam­lar öz­bo­luş­ly hä­si­ýe­te eýe bo­lup, köpsöz­lü­lik­den ga­ça dur­ýar­lar. Is­len­dik za­da gys­ga we anyk jo­gap ber­ýär­ler.
Emo­ji­ler. Köp adam söz ýaz­ma­ga däl-de, emo­ji (duý­gu­la­ry aň­lad­ýan şe­kil­ler) bi­len SMS alyş­ma­ga hö­wes­li bol­ýar. Emo­ji­ler iç­ki duý­gy­ny has aý­dyň be­ýan edi­ji bo­lup, söz­le­me gö­rä tä­sir­li bol­ýar. Emo­ji iber­ýän adam­lar jo­gap ýaz­mak üçin uzak pi­kir­le­nip otur­ma­ýar­lar. Olar şol wagt­ky ýag­da­ýy (be­genç­li, ga­har­ly, stres­li, tol­gun­dy­ry­jy) ba­ra­da der­rew emo­ji ug­rad­ýar­lar. Bu adam­lar sy­ýa­hat et­me­gi go­wy gö­rýän ro­man­tik (duý­gu­çyl) adam­lar ha­sap­lan­ýar.
Se­re­sap­ly ýaz­ýan bol­sa­ňyz. Kä­bir adam ug­rat­mak is­le­ýän SMS-ini gaý­ta-gaý­ta oka­ýar, bir­nä­çe ge­zek dü­ze­diş gi­riz­ýär. Ýa­zan ha­ba­ry­nyň nä­hi­li ka­bul edil­jek­di­gi ba­ra­da uzak pi­kir­len­ýär. Şeý­le adam­lar gap­ma-gar­şy­ly­gy ha­la­ma­ýan, gö­dek gö­rün­mek is­le­me­ýän sy­pa­ýy adam­lar­dyr. Olar bir sö­züň üs­tün­de hem bir­nä­çe sa­gat­lap pi­kir­le­nip otu­ryp bil­ýär­ler. Se­re­sap­ly SMS ýaz­ýan adam­lar ýa­kyn­la­ry­ny ra­zy et­mek we hem­me­le­riň bagt­ly bol­ma­gy­ny is­le­ýär­ler. Şol se­bäp­li olar­da oýun et­mek, emo­ji ug­rat­mak ýa­ly hä­si­ýet ga­bat gel­me­ýär.
Giç jo­gap ber­ýän bol­sa­ňyz. Köp adam te­le­fo­ny­na ge­len SMS-e bir­nä­çe sa­gat­dan ýa-da bir gün­den soň jo­gap ber­ýär. Olar ün­si gow­şak adam­lar bo­lup, SMS ýaz­ma­gy aý­ra­tyn iş ha­sap­la­ýar­lar. Şeý­le hem iş ara­syn­da SMS-e jo­gap ber­me­giň kyn­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. SMS-e giç jo­gap ber­ýän­ler daş-tö­we­re­gi üns­den dü­şür­ýär­ler. Olar giň we ha­ýal he­re­ket­li adam­lar ha­sap­lan­ýar.
Gaý­ta-gaý­ta SMS ýaz­ýan bol­sa­ňyz. Gaý­ta-gaý­ta SMS ýaz­ma­gy ha­la­ýan bol­sa­ňyz, bu ýag­daý si­ziň ba­tyr­dy­gy­ňy­zy we bir za­da ym­tyl­ýan­dy­gy­ňy­zy gör­kez­ýär. Şeý­le adam­lar öňün­de go­ýan mak­sa­dy­na ýet­mek üçin gu­jur-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­ma­ýar­lar.