Soňky 16 minutda 5 gol geçirildi

4

Dünýä Kubogy 2026-da “B” toparçada ýagdaý düýpgöter üýtgedi. 1-nji aýlawdaky 2 duşuşyk hem deňlikde tamamlanypdy. Bu gezekki oýunlarda bolsa uly hasaply ýeňişler bellige alyndy.

Ýewropanyň 2 wekiliniň – Şweýsariýa bilen Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuň 1-nji ýarymynda, hatda, 2-nji ýarymynyň hem 30 minutynda hasap açylmady. Ýöne oýnuň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 16 minut galanda, janköýerler 5 goluň şaýady boldular. Gollaryň 3-si 90-njy minutdan soň derwezä girdi. Oýnuň 74-nji minutynda şwesýariýaly ýarymgoragçy Manzambi hasaby açdy. Ol 72-nji minutda oýna giripdi. 80-nji minutda Bosniýa we Gersegowinanyň goragçysy Tarik Muharemowiç gyzyl kart aldy. Bu çempionatdaky 4-nji gyzyl kart hökmünde hasaba alyndy. 84-nji minutda 72-nji minutda oýna giren başga bir futbolçy Ruben Wargasy hasaby 2-0-a ýetirdi. 90-njy minutda Manzambi özüniň 2-nji, toparynyň 3-nji goluny geçirdi. 90+3-nji minutda bosniýaly Ermin Mahmiç aratapawudy 2 gola düşürse-de, 90+7-nji minutda Granit Džaka penaltini dürs urup, ýene-de 3 gola çykardy. 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan Şweýsariýanyň ýygyndysy 1/16 finala lider çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy.