Ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, her ýylyň maý aýynyň 25-ine «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Şol gün Aşgabat şäheriniň güni hem giňden bellenilip geçilýär. Bu gün ýurdumyzyň orta mekdeplerinde aýratyn tolgundyryjy we ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Şol gün okuwçylar, mugallymlar we ene-atalar üçin iň şatlykly hem täsirli dabaralar geçirilýär. Bu dabaralar diňe bir okuw ýylynyň tamamlanandygyny däl, eýsem, ýaş nesliň durmuşdaky täze ýollara gadam basýandygyny hem alamatlandyrýar. «Soňky jaň» dabarasy mekdep ýyllarynyň iň täsirli pursatlarynyň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda bir synpda bilim alan ýaşlar mugallymlary bilen hoşlaşyp, özleriniň geljekki maksatlaryna tarap ilkinji ädimlerini ädýärler. Bu gün uçurymlar üçin jogapkärçiligiň, arzuwlaryň we täze mümkinçilikleriň başlanýan güni bolup durýar.
Dabaranyň dowamynda okuwçylaryň taýýarlan aýdym-sazlary, çykyşlary we tanslary baýramçylyga aýratyn öwüşgin berýär. Mugallymlar okuwçylaryna üstünlik arzuw edýärler, ene-atalar bolsa çagalarynyň ýetilen derejesine buýsanç bilen garaýarlar. Uçurymlar hem öz gezeginde mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýdyp, mekdep ýyllarynyň iň ýakymly ýatlamalaryny paýlaşýarlar.
Uçurymlar üçin bu gün geljege bolan uly ynamyň nyşanydyr. Olar ýokary okuw mekdeplerine girmek, saýlan hünärleri boýunça üstünlik gazanmak we Watanymyzyň gülläp ösmegine hyzmat etmek baradaky arzuwlaryny paýlaşýarlar. Mugallymlaryň beren bilim-terbiýesi ýaşlaryň geljekki ýolunda ygtybarly ýolbelet bolup hyzmat edýär.
Bu günki ýaşlar – geljekki alymlar, şahyrlar, lukmanlar, inženerler, gurluşykçylar, ýokary tehnologiýalary döredijiler… näme barada arzuw etseler-de, olaryň ählisini öz Watanyna peýdaly bolmak, ýurdumyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegine we rowaçlanmagyna, kuwwatyny hem-de şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmak ýaly belent maksatlar birleşdirýär.
«Soňky jaň» dabaralarynyň iň täsirli pursatlarynyň biri hem ilkinji synp okuwçylarynyň uçurymlary gutlap çykyş etmegidir. Bu pursat mekdep durmuşynyň dowamlylygyny we nesilleriň arasyndaky baglanyşygy görkezýär. Şeýle hem uçurymlar tarapyndan uçurylan ak şarlar we ýaňlanan soňky jaň sesleri dabaranyň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrülýär.
Bu baýramçylyk ýaşlaryň kalbynda ýakymly duýgulary galdyryp, olaryň täze üstünliklere ruhlanmagyna sebäp bolýar. Çünki her bir üstünlikli ýol mekdepden başlanýar. Şonuň üçin hem «Soňky jaň» dabarasy diňe bir hoşlaşyk güni däl, eýsem, täze mümkinçilikleriň gapysyny açýan şatlykly baýramdyr.
Goý, bu ajaýyp baýram uçurymlaryň durmuşynda täze üstünlikleriň, ýagty arzuwlaryň we uly ýeňişleriň başlangyjy bolsun!
Nabat GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









