Kaliforniýanyň ýaşaýjysy Aýona Bursiaga internetde 50 günläp täzelikleri okamagyny we sosial torlary dörmegi bes edende, durmuşynda peýda bolan oňyn özgerişlikler barada gürrüň berdi. Ýagny ol munuň gündelik durmuşyny görnetin gowulandyrandygyny aýtdy diýip, «Newsweek» neşiri habar berdi.
Gyzyň gürrüň bermegine görä, ol öň günde sekiz sagada golaý wagtyny sosial torlarda, esasan hem, «TikTok»-da tötänleýin wideolara tomaşa edip geçiripdir. 2025-nji ýylyň güýzünde ol synag geçirmegi, ýagny dumskrollingden – internetde hemişe täzeliklere we kontente tomaşa etmek endiginden ýüz öwürmegi göwnüne düwüpdir. Ilki Bursiaga synagy 35 güne niýetläpdir, soňra 50 güne çenli uzaltmak kararyna gelipdir. Birnäçe günden soňra ol ünsüniň gowulaşandygyny we telefona güýmenmegi kemeldendigini duýupdyr. Gyzyň sözlerine görä, soňsuz kontente güýmenmekden ýüz dändermek oňa işlerini has netijeli bitirmäge hem-de gündelik işlerine kän ünsüni jemlemäge mümkinçilik beripdir. Ol onlaýn-trendlerden garaşlylykdan gutulyp, öz stilini we gyzyklanmalaryny has köp ýüze çykarypdyr.
Soňra gyz özüniň bu tejribesi hakynda «TikTok»-da gürrüň beripdir, şol wideosyna 1,6 mln adam seredipdir we 177 müň seslenme alypdyr. Şondan soňra beýleki ulanyjylar hem sosial torlarda geçirýän wagtlaryny kemeltmek barada pikir edipdirler.
Esasy Dünýä täzelikleri Sosial tordan peýdalanmagy bes eden gyz durmuşyndaky özgerişlikleri paýlaşdy
PDF








