“Spartagyň” 5-nji kubogy

1

Russiýanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Spartak” bilen “Krasnodar” duşuşdy. Moskwadaky “Lužniki” stadionynda oýnalan duşuşygyň esasy wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 36-njy minutda “Spartak” Solariniň goly bilen öňe geçse, “Krasnodar” Augustonyň 57-nji minutdaky goly esasynda jogap berdi. Oýundan soň goşmaça wagt berilmezden, 11 metrlik urgulary ýerine ýetirildi. Bu urgularda 4-3 hasabynda üstün çykan Moskwanyň “Spartagy” 1994-nji, 1998-nji, 2003-nji hem-de 2022-nji ýyllardan soň 5-nji gezek Russiýanyň Kubogyna mynasyp boldy. Bu ugurda SSKA bilen “Lokomotiw” 9 kubok gazanyp, öňdeligi eýeleýärler. Şol sanda “Zenitiň” hem 5 kubogy bar.