Dünýä futbolynyň super ýyldyzy, portugaliýaly oýunçy Kristiano Ronaldo şu gün 40 ýaşady. 1985-nji ýylyň 5-nji fewralynda Portugaliýanyň Madeira adasynyň Funşal şäherinde dünýä inýär. Çagalyk ýyllarynda ýurduň “Andorinýa”, “Nasional” klublarynda oýnan Ronaldo 1997-nji ýylda “Sportingiň” ýaşlar düzümine goşulýar. 2002-nji ýylda bu toparyň esasy düzüminde oýnap başlan Ronaldo soňlugy bilen “Mançester Ýunaýtedde” (2003-2009), “Real Madridde” (2009-2018), “Ýuwentusda” (2018-2021), täzeden “Mançester Ýunaýtedde” (2021-2022) klublarynyň köýnekçesini geýýär. Häzirki wagtda, 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Saud Arabystanynyň “Al Nassr” klubunda oýnap gelýän Ronaldo 17 ýaşynda başlan professional karýerasynda 40 ýaşyna çenli 923 gol geçirdi. 30 ýaşyna çenli 463, 30 ýaşdan soň 460 gol geçiren Ronaldonyň indiki maksady 1000 gola ýetmek. Soňky 11 oýunda 15 gezek tapawutlanan super ýyldyzyň bu maksadyna ýetip ýetmejekdigini wagt görkezer. Ronaldo iň az gol geçiren ýaşy 18 ýaş bolup, ol 1 gezek tapawutlandy. Onuň iň köp gol geçiren ýaşy 27 bolup, ol 2012-nji ýylyň 5-nji fewralyndan 2013-nji ýylyň 5-nji fewralyna çenli aralykda 67 goly derwezä girizdi.

Her ýaşynda näçe gol geçirdi?

Ol 17 ýaşynda 5, 18 ýaşynda 1, 19 ýaşynda 17, 20 ýaşynda 13, 26 ýaşynda 21, 22 ýaşynda 40, 23 ýaşynda 30, 24 ýaşynda 28, 25 ýaşynda 53, 26 ýaşynda 59, 27 ýaşynda 67, 28 ýaşynda 64, 29 ýaşynda 60, 30 ýaşynda 58, 31 ýaşynda 54, 32 ýaşynda 53, 33 ýaşynda 49, 34 ýaşynda 45, 35 ýaşynda 40, 36 ýaşynda 41, 37 ýaşynda 17, 38 ýaşynda 53, 39 ýaşynda 50 gol geçirdi.