“OnePlus” kompaniýasy “OnePlus Buds Z Stiwen Harrington Edition” atly ýörite öndürilen gulaklygy satuwa çykardy. Los-Anjelesli suratkeş we dizaýner Stiwen Harrington bilen hyzmatdaşlykda öndürilen bu enjamyň iki reňklisi – gyrmyzy we ýaldyrawuk görnüşleri bar. Az sanlysy öndürilen gulaklyk Harringtonyň çeken graffitisi, täsin karikaturalary bilen bezelipdir. Enjamyň tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, bu enjam geçen ýylyň oktýabryndan satuwa çykarylan adaty “OnePlus Buds Z” bilen birmeňzeşdir.

Suwa çydamly bolan bu enjamlar “Bluetooth v5.0” arabaglanyşygy bilen bir hatarda daşky sesi azaldýan tehnologiýa bilen üpjün edilipdir. Mundan başga-da, “OnePlus Buds Z Stiwen Harrington Edition” doly zarýadlananda  20 sagada çenli, 10 minutlyk zarýad bilen üç sagatlap ulanmaga mümkinçilik berýär. Az sanlysy müşderilere ýetiriljek enjamlar “OnePlus”-yň resmi web sahypasy hem-de “OnePlus Store” programmasy arkaly hödürlener. Şeýle 27-nji ýanwarda “OnePlus”  resmi saýty, “OnePlus Store” programmasy,” Amazon”, “Flipkart” we “OnePlus awtonom” dükanlary arkaly açyk satuw guralar.