Suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalar ulanmaga berildi

2

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň suw hojalyk pudagyny ösdürmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 1-nji iýulda Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda suw hojalygyna degişli täze, döwrebap desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan suw göteriji beketde Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň öndüren suw göteriji enjamlary ornaşdyrylypdyr. Suw göteriji bekediň kuwwaty 6 müň gektardan gowrak ekerançylyk ýerini suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Onuň gurluşyk işlerinde jemi uzynlygy 39 müň 789 metr, şol sanda uzynlygy 26 müň 929 metr bolan täze suw geçiriji turbalar we uzynlygy 12 müň 860 metr bolan täze beton akabalar guruldy. Bekediň işinde ösen tehnologiýalaryň, şol sanda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ähli işleri awtomatik ýagdaýda netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Soňra açylyş dabarasy etrabyň çäginde täze gurlan beýleki bir suw göteriji bekediň çäginde dowam etdi. Bu iki suw göteriji bekediň sazlaşykly işi arkaly dag etek belentligindäki ekerançylyk ýerleri suw bilen bökdençsiz üpjün ediler.
Suw göteriji bekediň gurluşyk işlerinde jemi uzynlygy 42 müň 74 metr, şol sanda uzynlygy 23 müň 659 metr bolan täze suw geçiriji turbalar we uzynlygy 18 müň 415 metrlik täze beton akabalar guruldy. Ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan taslamada suw hojalygynyň häzirki zaman enjamlary we usullary ornaşdyryldy. Gün panelleri tebigy şöhläni elektrik energiýasyna öwrüp, suwaryşda ulanylýan zerur enjamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Beketde suw sanly ulgam arkaly gerekli wagtda awtomatik usulda dolandyrylýan, suwarymly ýerler üçin zerur bolan gatlalar arkaly paýlanylýar.
Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň ugrunda gurlan suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desganyň açylyş dabarasy hem ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň suw hojalygynyň, şol sanda paýtagtymyzyň agyz suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna iri maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan suw arassalaýjy desgalar gurlup ulanmaga berilýär. 2024-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan döwrebap tehnologiýalar, nou-haular bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan gurlan, suw akymyny sazlaýjy-bekleýji täze, döwrebap desga paýtagtymyzyň hojalyk we agyz suw üpjünçilik derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Täze gidrotehniki desganyň kuwwaty sekuntda 181 kub metre deň bolan suwy geçirmäge mümkinçilik berýär. Onda ähli işler awtomatik ýagdaýda dolandyrylýar. Suw desgasynyň gatlalary elektromehaniki usulda açylyp-ýapylyp, suwa we şol töwerekdäki ýagdaýlara sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Mundan başga-da, degişli dispetçer nokady dizel-generator bilen üpjün edilip, “Garagumderýa” birleşiginiň aragatnaşyk toruna birikdirilendir. Taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde suwy sazlaýjy-bekleýji desga, dispetçer nokady, ýerasty howdanlar, suw sorujy hem-de elektrik beketleri guruldy. Munuň özi ýurdumyzda durmuş, önümçilik we tehniki maksatly desgalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.