Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlarydyr. Bu şertler syýahatçylyk ulgamynda ýurdumyzyň halkara derejesini ýokarlandyrmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär.

Sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ge­og­ra­fi­ýa­sy­ny we köp gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ös­dür­mek, hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, pu­dak üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak we mag­lu­mat-ma­ha­bat işi­ni güýç­len­dir­mek ar­ka­ly içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk önüm­çi­li­gi­niň öňe git­me­gi­ni ga­zan­mak bu ba­bat­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­le­riň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my, baý me­de­ni mi­ra­sy­ny, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny, şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny yl­my esas­da öw­ren­mek, gel­jek ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak, giň­den wa­gyz et­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re hem-de gö­zel ýer­le­re da­şa­ry ýurt­ly we ýer­li sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­mek mak­sa­dy bi­len mö­hüm res­mi­na­ma gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Mil­li ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­syň ob­ýekt­le­ri­ni aýap sak­la­ma­gyň, go­ra­ma­gyň, öw­ren­me­giň hem-de ola­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry çek­me­giň 2022-2028-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy hem-de şu mak­sat­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy.
Her bir ýurt üçin sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy mö­hüm ul­gam­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki haý­sy ýurt­da sy­ýa­hat­çy­lyk ösen bol­sa, şol ýur­duň ru­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry, äh­lu­mu­my ösüş­le­ri hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­re­dip, döw­le­tiň ab­raý-mer­te­be­si­niň Ýer ýü­zün­de has-da be­len­de gal­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Bu pu­da­gyň ösüş­le­ri ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan ber­ke­me­gin­de hem mö­hüm orun eýe­le­ýär. Hut şo­nuň üçin hem hormatly Prezidentimiz tu­ruw­baş­dan gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ul­gam­la­ry bi­len bir ha­tar­da, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge hem döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ga­ra­ýar. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan oňyn öz­gert­me­ler bol­sa özü­niň giň ge­rim­li­li­gi bi­len tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly: «…biz hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­niň iň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­ny öde­ýän döw­re­bap ter­mi­nal­la­ry, de­mir ýol men­zil­le­ri­ni, de­ňiz port­la­ry­ny, in­že­ner-teh­ni­ki mak­sat­ly bi­na­la­ry gur­ma­gy do­wam ed­ýä­ris. Şu­la­ryň äh­li­si-de hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den dö­re­me­gi­ne ýol aç­ýar, ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da ara­çäk­leş­ýän ýurt­la­ry­myz bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň uly ge­rim bi­len ro­waç­lan­ma­gy­na iter­gi ber­ýär».
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga döw­let ta­ra­pyn­dan uly möç­ber­li se­riş­de­le­ri goý­ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dün­ýä­niň çar ta­ra­pyn­dan gelýän sy­ýa­hat­çy­lar türk­men top­ra­gy­nyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri, tä­sin kün­jek­le­ri bi­len hem iç­gin ta­nyş­ýar­lar.
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni do­ly yk­rar et­mek bi­len, bu ugur­da dur­mu­şa ge­çir­ýän öz­gert­me­le­ri­ne top­lum­la­ýyn çe­me­leş­ýär. Ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek işi di­ňe bir ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi bi­len çäk­le­nil­män, eý­sem, onuň kä­mil de­re­je­de iş­le­me­gi üçin ze­rur bo­lan inf­rast­ruk­tu­ra­nyň eme­le ge­ti­ril­me­gi, pu­da­gyň ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­ler bi­len üp­jün edil­me­gi yzy­gi­der­li do­wam et­di­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­myz­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.
Sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň he­re­ket et­me­gi­niň, onuň yk­dy­sa­dy­ýe­te goş­ýan go­şan­dy­ny art­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­ly­ga or­naş­dyr­mak üçin bi­lim­le­riň in­no­wa­si­ýa öw­rül­me­gi­ne, ýag­ny gör­ne­tin ne­ti­je alyn­ma­gy­na ta­rap ym­ty­lyş ýü­ze çyk­ýar. Sy­ýa­hat­çy­ly­gy haý­sy hem bol­sa bir çäk­de ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­le­re ýet­mek üçin tä­ze yl­my tas­la­ma­la­ry öw­ren­me­giň we dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak ze­rur­dyr. In­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak işi ul­gam­la­ýyn ýag­daý­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ne­ti­je­li işiň, dep­gin­li ösü­şiň we sy­ýa­hat­çy­ly­gyň do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bäs­deş­lik müm­kin­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, sy­ýa­hat­çy­lyk ba­za­ry­na gat­na­şy­jy­la­ra sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ry üçin in­no­wa­si­on stra­te­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we gi­riz­mek, in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň esa­sy uzak möh­let­le­ýin ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek we öň­de goý­lan mak­sat­la­ra ýet­mek­de se­riş­de üp­jün­çi­li­gi­ni ga­zan­mak, ýag­ny in­no­wa­si­on tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­mak me­se­le­si öň­dä­ki orun­la­ra çyk­dy.

Beg­my­rat MY­RA­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.