3-5-nji mart aralygynda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan iň iri çäreleriň biri bolan «ITB Berlin 2026» geçirildi. 60-njy gezek geçirilen sergä 160-dan gowrak ýurtdan 6 müň firma gatnaşdy. Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen gözden geçirilişe gatnaşan firmalar awiasiýa, myhmanhana, saglygy goraýyş, ekosyýahatçylyk, ketring, tehnologiýa ýaly ugurlarda öz harytlaryny we hyzmatlaryny görkezdiler. Şeýle-de hyzmatdaşlara ikiçäk duşuşyklary geçirmäge hem mümkinçilik döreden sergä Tailand, Müsür, Türkiýe we Italiýa ýurtlaryndan has köp kompaniýa gatnaşdy.
Bu ýylky çäräniň «öý eýesi» Angola boldy. Sergä «Angola syýahat ediň! – Durmuşyň ritmi» şygary bilen gatnaşan ýurt Afrikanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrýar.
Serginiň çäginde geçirilen maslahatlarda 400-den gowrak hünärmen çykyş edip, durnukly ösüş, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, emeli aň ýaly temalarda pikir alşyldy.
Meýlis Çopanow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik.
PDF








