WOLVERHAMPTON, ENGLAND - DECEMBER 26: Bruno Fernandes of Manchester United is consoled by teammate Diogo Dalot whilst leaving the pitch, after being shown a red card, during the Premier League match between Wolverhampton Wanderers FC and Manchester United FC at Molineux on December 26, 2024 in Wolverhampton, England. (Photo by Shaun Botterill/Getty Images)

Portugaliýaly Witor Pereýrany tälimçilige bellän “Wulwerhempton” topary onuň ýolbaşçylygynda yzly-yzyna 2-nji ýeňşini gazandy. Öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” kabul eden “Wulwerhempton” topary güýçli garşydaşyny 2-0 hasabynda ýeňdi. Iki portugal tälimçisiniň duşuşygynda möjeklere ýeňiş getiren gollary 58-nji minutda Mateus Kunýa bilen 90+9-njy minutda Hi Çan Hwan geçirdi. Şunlukda, Witor Pereýra watandaşy Žoze Mouriniodan soň “Premier Liga” 2 ýeňiş bilen başlan 2-nji portugaliýaly tälimçi boldy.

Noýabr aýynda “Mançester Ýunaýtediň” tälimçiligine bellenen Ruben Amorim hem mankunianlaryň şowsuzlygyna çäre tapyp bilenok. “Ýunaýted” onuň tälimçiliginde 2 ýeňiş gazanyp, 4 gezegem ýeňlişe sezewar boldy.