Ýewropanyň Merkez Banky (ÝMB) täze ýewro banknotlarynyň dizaýnynyň jemleýji taslama görnüşlerini köpçülige hödürledi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň raýatlaryny iň gowy dizaýnlary saýlamak boýunça geçirilýän ses berlişige işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Frankfurtta ÝMB-nyň başlygy Kristin Lagard tarapyndan tanyşdyrylan 10 sany taslamanyň arasyndan ýeňiji köpçülikleýin maslahatlaşmalaryň we raýatlaryň ses bermeginiň netijeleri boýunça kesgitleniler. Hödürlenen 1200 sany eskiziň arasyndan saýlanyp alnan bu taslamalar netijede iki esasy temada – «Ýewropa medeniýeti» hem-de «Ýewropa tebigaty» ugurlarynda taýýarlandy.

«Ýewropa medeniýeti» ugrunyň üstün çykan ýagdaýynda, banknotlarda Ýewropanyň taryhynda we ylym-biliminde öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň şekilleri ýerleşdiriler. Ýagny, 5 ýewrolyk banknotda meşhur opera aýdymçysy Mariýa Kallas, 10 ýewroda nemes kompozitory Lýudwig wan Bethowen, 20 ýewroda fizika we himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýesi Mariýa Kýuri suratlandyrylar. Şeýle hem 50 ýewrolyk banknota dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «Don Kihot» romanynyň awtory Serwantesiň, 100 ýewroda beýik şahsyýet Leonardo da Winçiniň, 200 ýewrolyk banknota bolsa Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Berta fon Suttneriň keşpleri giriziler.

Alternatiw hökmünde hödürlenýän «Ýewropa tebigaty» ugry bolsa yklymyň biodürlülügini we daşky gurşawy gorap saklamagyň möhümdigini öňe sürýär. Bu seriýadaky her bir banknotyň ýüz tarapynda derýa manzarynyň fonunda ýerli guşlaryň şekilleri ýerleşdiriler. Banknotlaryň arka tarapynda bolsa Ýewropa Bileleşiginiň esasy edaralarynyň – Ýewroparlamentiniň, Ýewrokomissiýanyň, Ýewropanyň Merkez Bankynyň, Ýewropa Bileleşiginiň kazyýetiniň, Ýewropa Geňeşiniň hem-de Ýewropa Auditorlar palatasynyň binalary görkeziler. Köpçülikleýin maslahatlaşmalar we ses berlişikler tamamlanandan soňra, ÝMB saýlanyp alnan taslamanyň esasynda täze banknotlary öndürmegiň tehniki tapgyrlaryna başlar.