Te­bi­gy gaz önümçiligi artar

78

2050-nji ýy­la çen­li Af­ri­ka­da te­bi­gy gaz önüm­çi­li­gi gör­ne­tin ar­typ, dün­ýä­de ikin­ji or­na çyk­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Gaz eks­port ed­ýän ýurt­lar fo­ru­my­nyň (GECF) taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da yk­lym dün­ýä­de sarp edil­ýän ga­zyň 6 gö­te­ri­mi­ni üp­jün ed­ýär. 2050-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji 11 gö­te­ri­me ýe­ter. Yk­ly­myň ýurt­la­ry 2021-nji ýyl­da 260 mil­liard kubmetr te­bi­gy gaz ön­dü­rip­dir. Tä­ze ýa­tak­la­ryň ta­pyl­ma­gy we öz­leş­di­ril­me­gi bi­len bu gör­ke­zi­ji 585 mil­liard kub­met­re ýe­ter. Şeý­le­lik­de, Af­ri­ka­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­dan soň­ra ikin­ji or­na çy­kar. Mag­lu­mat Al­žir, Mü­sür, Ek­wa­tor Gwi­ne­ýa­sy, Li­wi­ýa, Ni­ge­ri­ýa, An­go­la we Mo­zam­bik döw­let­le­ri­niň gaz gor­la­ry ha­sa­ba al­nyp taý­ýar­lan­dy. Şeý­le hem mag­lu­mat­da yk­ly­myň ila­ty­nyň 2050-nji ýy­la çen­li 2,5 mil­li­ar­da ýet­jek­di­gi mä­lim edil­di.

Döwlet Şamyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.