Sanlaşdyrma döwründe ykjam programmalar indi bütin durmuşymyzy gurşap aldy. “Apple” täze wersiýasy sebäpli ulanyjylaryny gapjyklaryny ulanyşdan galdyrmagy maksat edinýär. ABŞ-nyň öňdebaryjy gözleg firmalarynyň biri bolan “e-Marketer”-e dükanda mobil tölegleriniň 2020-nji ýylda 29 göterim ýokarlandygyny habar berdi. Şeýle hem, kompaniýa 2025-nji ýyla çenli smartfon ulanyjylarynyň ýarysyndan gowragynyň telefonlaryndan ykjam töleg usullaryny ulanyp başlajakdygyny mälim etdi. Indi jübi telefonlarynyň kömegi bilen sürüjilik şahadatnamasy, şahsyýetnama, kredit kartoçkasy we hatda gapy giriş kartalary bir enjamda ýygnalyp bilner. Täze programma bilen, sürüjilik şahadatnamasy we şahsyýetnamasy gönüden-göni “iPhone” -yň “Wallet” programmasyna ýükläp we şol ýerden töleg geçirip bolýar. Programma gysga wagtyň içinde bütin dünýäde ulanylmagyny maksat edinýär.
“Apple” 2022-nji ýylda bu programmanyň dünýäniň ähli ýerlerinde elýeterli boljakdygyny mälim etdi.