To­mus pasly üçin mas­la­hat­lar

1

Ys­sy ho­wa­da be­de­niň der­le­me­gi bi­len öň­kü­ler­den has köp su­wuk­lyk bö­lü­nip çyk­ýar. De­ri­niň we do­da­gyň gu­ra­ma­gy, kel­la­gy­ry we ba­şaý­lan­ma ýa­ly ala­mat­lar be­de­niň suw ýet­mez­çi­li­gi­ni aň­lad­ýar. To­mus möw­sü­min­de be­den üçin iň ze­rur se­riş­de suw bo­lup, her gün be­de­niň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da 2-3 litr suw iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Li­mon­ly şer­bet, gar­pyz şi­re­si, ko­kos su­wy we gök çaý hem suw­suz­ly­gy gan­dyr­ýan peý­da­ly içim­lik­ler­dir. To­mus pas­lyn­da ko­fe­dir gaz­ly içgi­le­ri içip, suw­suz­ly­gy gan­dyr­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär.
To­mus­ky iý­mit sa­na­wyn­da gök önüm­dir mi­we­le­re esa­sy orun be­ril­ýär. So­gan, hy­ýar, kä­di, gar­pyz, ga­wun hem-de mi­we­le­riň dür­li gör­nü­şi­ni iýip, be­de­ni ge­rek­li wi­ta­min­ler, an­ti­ok­si­dant­lar, mi­ne­ral­lar we suw bi­len üp­jün edip bol­ýar.
To­mus­da az-az­dan ýe­ňil­jek na­har­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­ri gök hem-de süýt önüm­le­ri­ni köp­räk iý­me­li. Et­den we ýu­murt­ga­dan taý­ýar­la­nan ýag­ly hem-de gu­rak na­har­la­ryň köp iýil­me­gi iý­mit siň­di­riş­de kyn­çy­lyk dö­re­dip, aş­ga­za­nyň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu bol­sa ada­my bi­yn­ja­lyk edip, oňaý­syz ýag­da­ýa sal­ýar. Şol se­bäp­li tom­su­na et önüm­le­ri­niň or­nu­ny ba­lyk­dyr guş eti bi­len çalyşsaňyz dogry bolar.
Tomusda Gün şöh­le­sin­den gel­ýän gyz­gyn­lyk gü­nor­tan has güýç­len­ýär. Şol se­bäp­li zerurlyk bol­ma­sa, gü­nor­ta­n açyk meý­dan­da gez­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Daň atan­dan 10:00-a çen­li, öý­län 17:00-dan soň Gün bat­ýan­ça ara­lyk meý­dan iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin amatly wag­t­dyr. To­mus­da nah ma­ta­dan taý­ýar­la­nan egin­baş­la­ry geý­mek Gün şöh­le­si­niň tä­si­ri­ni azalt­mak­da peý­da­ly bo­lar. Şeý­le hem Gü­ne gö­ni se­ret­mek­den ga­ça dur­ma­ly. Ze­rur ha­la­tyn­da sa­ýa­wan gö­ter­me­gi ýa-da äý­nek da­kyn­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.
To­mus­da be­de­niň köp muk­dar­da su­wuk­ly­gy bö­lüp çy­kar­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tut­mak bi­len ýa­pyk bi­na­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän maşk­la­ry saý­la­ma­ly. Ýüz­mek to­mus pas­lyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin iň go­wy maşk­lar top­lu­my ha­sap­lan­ýar.
To­mus meý­dan iş­le­ri­niň gyz­ga­laň­ly möw­sü­mi ha­sap­lan­ýar. Bu möw­süm­de mör-mö­jek­le­riň kö­pel­ýän­di­gi­ni göz öňün­de tutup, eli­ňi, boý­nu­ňy we aýak­la­ry­ňy ýa­pyp du­ran egin-eşik geý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le hem da­şar­dan ge­lip öýe gir­mez­den ozal egin­baş­la­ry­ňy silk­mek we göz­den ge­çir­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
To­mus­da gün­ler uzyn bo­la­ny üçin gü­nor­ta­n dynç al­mak (az wagt­lyk uky) be­de­niň güýç top­la­ma­gynda peý­da­ly bo­lup dur­ýar. Gi­je­si­ne 7-8 sa­gat uk­la­mak esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup, ka­da­ly uky alyn­ma­dyk ýag­da­ýyn­da ba­şaý­lan­ma, ýa­daw­lyk, ys­gyn­syz­lyk, ýü­rek bu­lan­ma we özü­ňi agyr duý­mak ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çykyp bilýär.