ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň Birleşen Milletler Guramasynyň täze Baş Sekretary bolmagyny isleýär. Bu barada amerikan liderine golaý çeşme NYP (New York Post) gazetine habar berdi.
BMG-niň häzirki baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikinji we soňky wezipe möhleti 31-nji dekabrda dolýar.
Gazetiň ýazmagyna görä, Trampyň pikiriçe, Infantino tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýar hem-de ol adamlary birleşdirmäge ukyplydyr.
FIFA-nyň prezidentiniň BMG-niň baş sekretary wezipesini eýelemäge islegi barmy we Tramp bu barada ol bilen maslahatlaşdymy, belli däl diýip, NYP gazetinde çap edilen habarda bellenýär.