Türkiýäniň “Beşiktaş” topary düzümine “Arsenalyň” belgiýaly oýunçysy Leandro Trossardy goşdy. Stambullylar 31 ýaşyndaky hüjümçi, winger bilen 3+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Trossardyň transferi üçin “Beşiktaş” topary “Arsenala” goşmaçalar bilen 17 million funt sterling tölär.
Ýyldyz oýunçy Belgiýanyň “Genk” toparynda futbola başlap, “Lommel Ýunaýted”, “Westerlo”, “OH Lowen” klublarynda kärendesine çykyş etdi. “Premier Ligada” bolsa 4 möwsüm “Braýtonda”, şonça-da “Arsenalda” oýnan Trossard karýerasy boýunça 520 duşuşykda 137 gol geçirdi. Onuň Belgiýanyň milli ýygyndysynda 57 oýunda 14 goly bar.
Trossard Beşiktaşda 19-njy belgili köýnekçäni geýer.
Grinwud “Fenerbahçede”
Şeýle-de, Türkiýäniň wise-çempiony “Fenerbahçe” topary Fransiýanyň “Marsel” toparynyň iňlis ýyldyzy Meýson Grinwudy 39 million ýewro transfer etdi. Bu görkezijiniň 45 million ýewro çenli çykmagy hem mümkin. Türk kluby 24 ýaşyndaky hüjümçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.
“Mançester Ýunaýtedde” futbola başlan ýyldyz oýunçynyň ady käbir skandal wakalar bilen agzalypdy. Ol iňlis klubunda 4 möwsümde 129 oýunda 35 gol geçirdi. “Hetafe” toparynda kärendesine oýnan (36 oýunda 10 gol) Grinwud “Marselde” 81 duşuşykda 48 gezek tapawutlandy. Onuň Angliýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesini bir gezek geýdi.
Ol “Fenerbahçede” 11 belgili köýnekçede oýnar.
PDF









