7-8-nji aprelde saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçiriler. Bu  forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary we intellektual-seljeriş ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada 28-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.