17–20-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherindäki Bütindünýä sergi merkezinde «Chinaplas» ady bilen plastmassa we polimer önümçiligine bagyşlanan sergi geçirildi.
Dünýäde elektronika önümleriniň iň köp öndürilýän ýeri bolan Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen sergide 18 sany bölümde müňlerçe görnüşli täze önümleriň hatarynda plastmassa we polimer önümçiliginiň ýeten sepgitleri, geljekki gözýetimleri görkezildi. 150-ä golaý döwletden 50 müňe golaý işewür, şol sanda türkmen telekeçileriniň hem onlarçasy bu sergä gatnaşyp, plastmassa we polimer önümleri boýunça dünýäniň iň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldular.
Bu ýerde gatnaşyjylara degişli ugurdaky döwrebap innowasiýalar, maşyngurluşykda ulanylýan dürli düzüm bölekleri hem-de ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary, plastmassa we polimer zibillerini gaýtadan işlemek, olary arassalamak, zyýansyzlandyrmak hem-de täzeden ulanmak babatda gazanylan häzirki zaman usullary görkezildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.