2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda

Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ka­rar ed­ýä­rin:

  1. 1. 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmeli.
  2. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 30-njy dekabry.