6-njy oktýabrda ÝHHG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Finlýandiýanyň hem-de ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagyndaky Adam ölçegleri boýunça Warşawa maslahatynda çykyş etdi.
Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Hemra Amannazarow çykyşynda Türkmenistanyň ÝHHG we onuň institutlary bilen hyzmatdaşlygyna berk ygrarlydygyny tassyklady.
Adam hukuklaryny goramak, ynsanperwer syýasaty we sosial integrasiýa ugurlarda Türkmenistanyň ýeten sepgitleri barada bellenip geçildi, şeýle-de ýurdumyzyň ynsanperwerlik, deňlik we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygy hakynda nygtaldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen günäsi geçilen 225 raýat esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Bu bolsa Türkmenistanyň kazyýet syýasatynyň ynsanperwerlik häsiýetini ýene bir gezek görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 15 milletiň, 7 ýurduň wekili bolup durýan 142 sany daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi Türkmenistanyň öz çäginde raýatsyzlygyň ähli mälim bolan ýagdaýlaryny üstünlikli düzgünleşdirendigini, şeýlelik bilen BMG-niň #IBelong ählumumy kampaniýasynyň çäklerinde öz borçnamalaryny berjaý edendigini tassyklady. Şeýlelik-de, Türkmenistan raýatsyzlygy ýok etmek meseleleri boýunça dünýäde öňdebaryjy ýeri eýeledi. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ynsanperwer standartlaryny berjaý etmeklige ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezdi.
Çykyşyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi barada bellenip geçildi, bu bolsa Türkmenistanyň hallara dialoga, özara düşünişmege we medeni, dil dürlülige bolan hormata ygrarlydygyny görkezýär.
Türkmenistan demokratik gymmatlyklary, adam hukuklaryny we kanunyň hökmürowanlygyny öňe sürmek maksady bilen ÝHHG, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosy we beýleki halkara institutlar bilen ysnyşykly we konstruktiw gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny tassyklaýar.