Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A. Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda Komitetiň geçen ýylky işleri boýunça netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki döwür üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy.
Bu sessiýanyň plenar mejlisine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
A.Sazakow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginde gazanan netijeleri barada habar berdi. Onuň belleýşi ýaly, halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, Türkmenistan 2024-nji ýylda dünýäde raýatsyzlygy ýok etmek maksadyny göz öňünde tutýan BMG-niň “#IBelong” atly Ählumumy kampaniýasyny üstünlikli tamamlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalarynyň we ygrarlylygynyň netijesinde, 32 müňden gowrak raýatsyz adama Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek baradaky resminamalaryň berilendigi nygtaldy.
Türkmenistan bosgunlaryň we raýatsyz adamlaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen täze maksatnamalary işläp düzmekde BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.
***
BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary Filippo Grandi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Amanmuhammet Sazakow jenap Filippo Grandä Türkmenistanyň baştutanlygynyň adyndan salamlary ýetirdi hem-de konstruktiw hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, bosgunlaryň we raýatsyz adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça ynsanperwer ugurda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.
Öz gezeginde Filippo Grandi bosgunlar meselelerine berýän aýratyn üns we goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň işine berýän ýardamlary we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy üçin hoşallyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.
Taraplar bosgunlaryň hukuklaryny goramak we goldamak boýunça halkara başlangyçlarynyň çäklerinde işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.